Asada bagly güýçler Türkmendagyna hüjüme başlady

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň Latakiýanyň Türkmendagy sebitine garşy guran hüjüminde 2 adam ýogaldy

720324
Asada bagly güýçler Türkmendagyna hüjüme başlady

Asada tabynlykdaky güýçler oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Kelez, Ýamadi we Sallur obalaryna raketalar bilen hüjüm guraýarlar.

Baýyrbujak türkmenleriniň ýaşaýan ýerinde onlarça bomba düşdi.

Beýleki tarapdan Türkmendagynyň gündogaryndaky Jebel Ekrad sebitine hem Asada bagly güýçleriň hüjümine sezewar galdy.

Asada bagly güýçleriň Jebel Ekrada guran hüjüminde bolsa 4 adam ýaralandy. 

 



Degişli Habarlar