Interpol Balkan we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda bikanun ýarag söwdagärlerine garşy operasiýa gurady

Operasiýada bikanun ýarag söwdasyny edýän 149 adam tussag edildi

718126
Interpol Balkan we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda bikanun ýarag söwdagärlerine garşy operasiýa gurady

Halkara polis guramasy Interpol Balkan we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda bikanun ýarag söwdagärlerine garşy aprel aýynyň 6-8-i aralygynda operasiýa gurady.

Merkezi Fransiýanyň Lyon şäherinde ýerleşýän Interpol tarapyndan berlen beýanata görä operasiýa gurama agza 23 ýurt gatnaşdy.

Trigger 2 atly operasiýada 320 ýarag we partlaýjy maddalar bilen birlikde 20 müňe golaý enjam ele geçirildi.

7840 polisiň gatnaşmagynda geçirlen operasiýada esasan hem gümrük geçelgelerinde 40 müňden gowrak ulag ýeke-ýekeden barlandy.

Operasiýada bikanun ýarag söwdasyny edýän 149 adam tussag edildi.

 



Degişli Habarlar