Donald Tramp Russiýa bilen baglanşykly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurdy bilen Russiýanyň arasyndaky meselelere çözgüt tapyljakdygyny we işleriň ugrugyp gitjekdigini belledi

712408
Donald Tramp Russiýa bilen baglanşykly beýanat berdi

 

Sosial media hasabyndan beýanat beren Donald Tramp: “Dogry wagt gelende her kim sagdyn pikirliligini ulanar we hemişelik parahatçylyk bolar” diýdi.

Tramp beren beýanatynda ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki wagtda iň pes derejededigini habar berdi.

Kreml bolsa iki ýurdyň arasynda ynamyň azalandygyny nygtapdy, Prezident Wladimir Putin bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň erbetleşýändigini beýan edipdi.

ABŞ-nyň Idlibde himiki ýarag ulanyp guran hüjümine jogap hökmünde Siriýanyň Şaýrat howa bazasyna raketaly hüjüm guramagy Waşington bilen Moskwanyň arasynda dartgynlygyň döremegine sebäp boldy.



Degişli Habarlar