"Öz halkyna garşy himiki ýarag ulanan hökümet ýurduna parahatçylyk getirip bilmez"

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Şon Spaýser Başar Asad wezipesinden çekilmezden Siriýada parahatçylygyň üpjün edilip bilinmejekdigini aýtdy

710706
"Öz halkyna garşy himiki ýarag ulanan hökümet ýurduna parahatçylyk getirip bilmez"

Spaýser gündelik metbugat ýygnagynda öz halkyna garşy himiki ýarag ulanan hökümetiniň ýurduna parahatçylyk getirip bilmejekdigini nygtady.

Spaýser ABŞ-nyň 2-nji jahan urşunda hem himiki ýarag ulanmandygyny aýtdy.

Spaýser Siriýanyň hökümetine ähli taraplaýyn goldaw berýän Russiýany “taryhy ýalňyşlyga goldaw bermekde” günäkärledi.

Spaýser “Russiýa, Demirgazyk Koreýa, Siriýa we Eýran biri-birine goldaw berýär. Emma Russiýadan başgasy güýçsiz döwletler. Bu ýagdaýda Russiýanyň özüni halkara jemgyýetçiliginden çetleşdirýändigine şübhe ýok” diýdi.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi resmi Moskwanyň Siriýanyň hökümetiniň indi himiki ýarag ulanmazlygy üçin tagalla etmelidigini aýtdy.

Spaýser ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda ilkinji nobatda DAIŞ-i ýeňmek isleýändigini belledi.

 



Degişli Habarlar