Ispaniýanyň ozalky Goranmak ministri öýünde öli ýagdaýda tapyldy

Ispaniýanyň ilkinji zenan Goranmak ministri Karme Çakon paýtagt Madritdäki öýünde öli ýagdaýda tapyldy

709166
Ispaniýanyň ozalky Goranmak ministri öýünde öli ýagdaýda tapyldy

 

Ispaniýanyň metbugat gulluklarynda berilýän habarlarda maşgalasy tarapyndan şenbe gününden bäri habar alynyp bilinmedik Karme Çakonyň öýüne baran birnäçe dosty, gapynyň açylmadygy üçin polisiýa gullugyna habar berdiler.

Öýe giren polisiýa gullugynyň işgärleri Çakonyň ýogalandygyny gördüler.

Çakonyň ilkinji kesgitlemelere görä infarkt sebäpli ýogalandygy çak edilýär.

Ispaniýada Kataloniýa sosialist partiýanyň agzasy hökmünde syýasata gadam basan we 2000-nji ýylda Sosialist işçi partiýasynyň Barselonadan saýlanan deputaty hökmünde mejlise giren Çakon Zapateronyň ýolbaşçylygyndaky hökümet döwründe ilki bilen Gurluşyk ministri, ondan soň bolsa Ispaniýanyň ilkinji Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetirdi.



Degişli Habarlar