“BMG herekete geçmese biz geçeris”

Tramp Iordan Şasy Abdullah bilen Waşingtonda bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi

707032
“BMG herekete geçmese biz geçeris”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Siriýanyň Idlib şäherinde guralan hüjümde himiki ýarag ulanan Asad we Siriýanyň hökümeti hakyndaky garaýşynyň üýtgändigini aýtdy.

Tramp Iordan Şasy Abdullah bilen Waşingtonda bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Tramp; “Idlibde guralan hüjümde himiki ýaragyň ulanylmagy diňe gyzyl çyzygy däl eýsem ähli kadalarymy geçdi” diýdi.

Idlibde himiki ýaragyň ulanylmagynyň kabul edilip bilinmejekdigini aýdan Tramp, himiki ýarag hüjümine garşy herekete geçirilmelidigini aýratyn belledi.

Iordan Şasy Abdullah hem Siriýada başdan geçirilýän wakalaryň halkara diplomatiýanyň şowsyzlygyny görkezýändigini we Tramp bilen birlikde meseläniň hötdesinden geljekdiklerine ynanýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Haleý hem Siriýadaky hüjüm hakynda eden çykyşynda “BMG herekete geçmese biz geçeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar