Rosneft Gara deňizde buraw işlerine başlar

Russiýanyň iň uly nebit kärhanasy bolan Rosneft şu ýyl Gara deňizde buraw işlerine başlar

704852
Rosneft Gara deňizde buraw işlerine başlar

Russiýanyň Demirgazyk buzly okeanda ýerleşýän Hatanga meýdanynda başlanan täze buraw işleri bilen baglanşykly geçirilen dabarada çykyş eden Rosneft kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Igor Seçin şu ýyl Gara deňizde buraw işleriniň başladyljakdygyny mälim etdi.

Rosneft kärhanasynyň öňümizdäki ýyl Barens deňizinde hem buraw işlerine başlajakdygyny aýdan Seçin 2019-njy ýylda bolsa Sibiriň demirgazygyndaky Gara deňizde gözleg işlerine başlanjakdygyny habar berdi.

Nebit önümçiligi taýdan dünýäniň iň uly nebit kärhanasy bolan Rosneft kärhanasynyň Gara deňizde 4 sany, Barens deňizinde bolsa 7 sany nebit we tebigy gaz meýdançasy bar.



Degişli Habarlar