Hytaýyň Sinjan Uýgur Awtanomiýasynda ýapynja geýmek gadagan ediler

Gadagançylyk 1-nji aprelden başlap güýje girýär

703103
Hytaýyň Sinjan Uýgur Awtanomiýasynda ýapynja geýmek gadagan ediler

Hytaý ýaşaýjylarynyň aglabasy musulman bolan Sinjan Uýgur Awtanomiýasynda aşalyga garşy göreşiň çäginde ýapynjany geýmegi gadagan etdi.

Gadagançylyk 1-nji aprelden başlap güýje girýär.

Howa menzillerinde we demir ýol beketlerinde işleýänler zenanlaryň ýapynjalaryny aýyrmaklaryndan jogapkär bolarlar.

Mundan başgada sakgaly aşa ösdürmek hem gadagan ediler.

Gadagançylyk döwlet ulaglarynda ýola goýulmaga başlandy.

Ýapynjaly zenanlar awtobuslara we otlylara mündürilmeýär.



Degişli Habarlar