“CBS” FETÖ-niň bikanun işleri baradaky gepleşigi ýaýlyma berdi

Amerikanyň “CBS” telaýaýlymy Fetullahçy terror guramasynyň bikanun işleri baradaky gepleşigi ýaýlyma berdi

702257
“CBS” FETÖ-niň bikanun işleri baradaky gepleşigi ýaýlyma berdi

Gepleşikde FETÖ-nin ABŞ-daky şertnamaly mekdepleri arkaly gazanan pul serişdesini Türkiýedäki toparyna geçirendigi we Federal derňew ofisiniň meseläni derňeýändigi beýan edildi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygyndan ýokary derejeli ýolbaşçynyň “Gülen bilen arabaglanşykly mekdepler pul aklamak üçin pul serişdesini gizleýär” we “Guramaçylykly jenaýat işi bar” diýen sözlerine orun berildi.

ABŞ-da FETÖ bilen arabaglanşykly 136 sany şertnamaly mektebe 2010-njy ýyldan bäri 2,1 milliard dollar serişde berilendigi barada aýdylan gepleşikde, şol serişdäniň nirä sarp edilendiginiň doly kesgitlenmelidigi nygtalýar.

Guramanyň Tehas we Ohio ştatlaryndaky mekdeplerinde mugallymçylyk eden Ersin Konkur we Mustafa Emanetiň aýlyklarynyn tas ýarysyny gurama yzyna bermäge mejbur edilendikleri gürrüň berilýär.

Federal derňew ofisinin şol mekdeplerde FETÖ bagly ýolbaşçylaryň açan firmalaryna berilen 5 million dollary we şol serişdäniň Türkiýä geçirlişi barada derňew işini geçirýändigi habar berildi.

Gepleşikge çykyş eden ABŞ-nyň Türkiýedäki ozalky ilçisi Jeýms Ferri bolsa FETÖ-nin iki ýurduň gatnaşyklaryna zeper ýetirendigini we onuň Ýakyn Gündogaryň durnuklylygyny bökdeýändigini aýtdy.

Gepleşigiň ABŞ-nyň döwlet Sekretary Reks Tillersonyň Türkiýä gurajak saparynyň öň ýanynda ýaýlyma berilmegi ünsleri çekdi.

FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Türk-Amerikan gatnaşyklarynda FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmeginiň iňnän möhüm meselä öwrülendigi barada aýdylýan gepleşikde, täze döwürde bu meseläniň özara gatnaşyklaryň esasy uğurlaryndan birini emele getirýändigi nygtalýar.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly geçen hepde paýtagt Waşingtona guran saparynda ABŞ-nyň Adalat ministri Jeff Sessionsa “FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşykly täze delilleri özünde jemleýän” delony beripdi we Sessionsyň mesele bilen ýakyndan gyzyklanjakdygyny aýdandygy mälim edipdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #FETÖ , #ofis , #mekdep , #ýolbaşçy , #firma

Degişli Habarlar