Zarif Russiýanyň harby bazalaryndan peýdalanmaklary barada beýannama berdi

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif Russiýanyň Eýranyň harby bazarlaryndan peýdalanmak islän halatynda, her bir isleg boýunça biri-birinden garaşsyz kararyň kabul ediljekdigini aýtdy

701418
Zarif Russiýanyň harby bazalaryndan peýdalanmaklary barada beýannama berdi

Zarif “Roýter” habarlar gullugyna beren beýannamasynda; “Russiýanyň Eýranda harby bazasy ýok, gowy hyzmatdaşlygymyz bar. Terrorçylyga garşy göreşmek üçin ruslar Eýranyň harby desgalaryndan peýdalanmaly bolan halatynda her bir islegi aýry-aýrylykda seljerip, degişli karary bereris” diýdi.

Russiýa Siriýadaky terrorçy toparlara howa operasiýalaryny guramak üçin geçen ýylyň tomusynda Eýranyň Hemedan bazasyndan peýdalanypdy.

Şeýlelikde 2-nji Jahan urşundan bäri ilkinji gezek bir ýurt Eýranyň harby bazasyndan peýdalandy.



Degişli Habarlar