Britaniýanyň Şazadasynyň janyna kast edilmäge synanyşyldy

Britaniýanyň Şazadasy William tarapyndan hemişe ulanylýan tiz kömek dik uçar az pursatlyk tapawut bilen uçarmansyz howa ulagy bilen çakyşmakdan halas boldy

699796
Britaniýanyň Şazadasynyň janyna kast edilmäge synanyşyldy

Britaniýanyň Daily Mail gazedi Şazada Williamyň dik uçarynyň birnäçe gün ozal uçarmansyz howa ulagy bilen çakyşmakdan soňky pursatda halas bolandygyny mälim etdi.

Berilýan maglumata görä ýerden takmynan 600 metr beýiklikde bolan dik uçar bilen uçarmansyz howa ulagy bilen ýüz-ýüze geldi we heläkçilik uçarmanyň ussatlygy bilen başdan sowuldy.

William şol wagt dik uçaryň içinde bolmasada bolanlaryň Şazadanyň janyna kast edilmäge synanyşyk hökmünde häsýetlendirildi.

Polisiýa gullugy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.

Sebäbi hünärmenler uçarmansyz howa ulagynyň dik uçary ýere gaçyryp biljek güýçdedigini we heläkçilik bolan halatynda ekipažyň ählisiniň ölüp biljekdigini belleýärler.



Degişli Habarlar