BMG Russiýany parahatçylykly demonstrasiýa geçirme hukugyna sarpa goýmaga çagyrdy

BMG Russiýada hökümete garşy demonstrasiýalarda köp sanly adamyň saklanmagy barada parahatçylykly demonstrasiýa geçirme hukugyna sarpa goýulmalydygyny beýan etdi

700594
BMG Russiýany parahatçylykly demonstrasiýa geçirme hukugyna sarpa goýmaga çagyrdy

BMG-niň Baş Sekretarynyň metbugat sekretarynyň kömekçisi Farhan Hak Russiýadaky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny we dünýäniň çar tarapynda raýatlaryň parahatçylykly demonstrasiýa geçirme hukugyna eýedigini aýtdy.

Hak Russiýada raýatlaryň saklanmagy barada bolsa: “Parahatçylykly demonstrasiýa hukugyna sarpa goýulmagyna garaşýarys” diýdi.

Russiýanyň Moskwa, Peterburg we beýleki şäherlerinde hepdäniň ahyrynda “Galplyga garşy göreş gaznasynyň” esaslandyryjysy we aktiwist Alekseý Nawalnyý bilen beýleki oppozision toparlaryň goldaw bermeginde protest ýörişleri geçirilipdi.

Demonstrasiýalar Premýer ministr Dmitri Medwedewiň galplyk edendigi barada habarnama çap etmeginden soň guralypdy.

ABŞ hem Russiýada oppozisionerlerin hepdäniň ahyrynda geçiren demonstrasiýalarynda 500-den gowrak adamyň saklanmagyny ýazgarýandygyny mälim edipdi.

Mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny beýan eden Amerikanyň resmileri rus hökümetine parahatçylykly demonstrasiýa geçiren raýatlaryň dessine boşadylmagy üçin çagyryş edipdi.



Degişli Habarlar