Oppozision toparlar Moskwada we Peterburgda demonstrasiýa geçirdiler

Russiýadaky oppozision toparlar Moskwa, Peterburg ýaly birnäçe şäherlerde protest ýörişlerini geçirdiler

699768
Oppozision toparlar Moskwada we Peterburgda demonstrasiýa geçirdiler

Paýtagt Moskwadaky rugsatsyz demonstrasiýada 500-den gowrak adam saklandy.

Protest demonstrasiýalary aktiwist Alekseý Nawalnyýnyň Premýer ministr Dmitri Medwedewiň galplyk edendigi barada habarnama çap etmegi sebäpli geçirildi.

Moskwanyň polis gullugy birugsat ýörişler sebäpli berk howpsyzlyk çärelerini gördi.

Oppozision topar günorta sagatlarynda Puşkin meýdanynda jemlenşmäge başady.

Demonstrasiýa gatnaşmak üçin meýdana gelen Nawalnyý bolsa metronyň öňünde saklanyp, awtubosa mündürildi.

Demonstrantlar Nawalnyýnyň mündürilen awtobusyny saklamak üçin ulaglar bilen ýoly ýapmaga synanşdy.

Emma polis gysga möhletde ýoly açyp, Nawalnyýny polis müdirligine alyp gitdi.

Howpsyzlyk güýçleri bilen demonstrantlaryn arasynda wagtal-wagtal dartgynlygyň ýüze çykmagyna sebäp bolan ýörişe 8 müňe golaý adam gatnaşdy.

“TASS” habarlar gullugy Moskwanyň İçeri işler müdirligi 500-den gowrak adamyň saklanandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar