Arap Parlamenti Siriýadaky taraplaryň arasyndaky dialoga goldaw berýär

Arap Parlamentiniň halkara şertnamalara esaslanýan syýasy çözgüde ýetmek üçin Siriýadaky taraplaryň arasyndaky dialoga goldaw berýändigi mälim edildi

696767
Arap Parlamenti  Siriýadaky taraplaryň arasyndaky dialoga goldaw berýär

Marokkonyň paýtagty Rabatda geçirlen Arap Parlamentiniň 24-nji maslahatyndan soň çap edilen jemleýji jarnamada käbir arap ýurtlarynda başdan geçirilýän wakalara uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Jarnamada Arap Parlamentiniň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna we halkara şertnamalara esaslanýan syýasy çözgüde ýetmek üçin Siriýadaky taraplaryň arasyndaky dialog etabyna goldaw berýändigi nygtaldy.

Jarnamada 1967-nji ýylyň 4-nji iýunyndaky serhetlerine görä, Golan depeleriniň dolulygyna yzyna berilmegi meselesinde Siriýa goldaw berilýändigi bellenildi.

 

 



Degişli Habarlar