Nigerýada we Somalide guralan hüjümlerde 28 adam ýogaldy

Nigerýada we Somalide guralan hüjümlerde azyndan 28 adam ýogaldy

696408
Nigerýada we Somalide guralan hüjümlerde  28 adam ýogaldy
somali saldırı.jpg

Nigerýanyň Benue welaýatynda kimligi näbelli adamlar tarapyndan guralan hüjümde azyndan 20 adam ýogaldy.

Resmileriň berýän beýanatyna görä, ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümde asuda ilatdan köp sanly adam ýogaldy.

Ýogalanlaryň sany barada anyk maglumat berilmedi, emma azyndan 20 adamyň ýogalandygy nygtalýar.

Nigerýanyň Prezidenti Muhammed Buhari hüjümi berk ýazgardy we hüjüm bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalmagyny isledi.

Somaliniň paýtagty Mogadişuda hem Prezident köşgüniň golaýynda bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 8 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.

 



Degişli Habarlar