Amerikan resmilerine od açylmagy netijesinde ýüze çykan çaknyşykda bir owgan esger ýogaldy

Owganystanyň Helmand welaýatynda bir owgan esgeriniň Amerikan harby resmilerine od açmagy netijesinde ýüze çykan çaknyşykda bir owgan esger ýogaldy

694802
Amerikan resmilerine od açylmagy netijesinde ýüze çykan çaknyşykda bir owgan esger ýogaldy

Helmandyň welaýat häkimliginiň metbugat sekretary Omer Zuwak owgan esgeriniň welaýatyň Şorab etrabyndaky harby bazada amerikan harby resmilerine od açandygyny mälim etdi.

Ýüze çykan çaknyşykda bir owgan esgeriniň ýogalandygyny aýdan Zuwak 3 amerikan esgeriniň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Zuwak waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny belledi.

Helmand welaýatyndaky Maýwand serkerdeliginiň metbugat geňeşçisi Muhammed Rasul Zazeý bolsa owgan esgeriniň amerikalylara ýalňyşlyk bilen od açmagynyň üstünde derňew geçirýändiklerini habar berdi.

ABŞ geçen ýyl 100-den gowrak harby resmini Owgansyatnyň Ýaragly güýçlerine maslahat bermekleri üçin Helmand welaýatyna iberipdi.



Degişli Habarlar