Fransiýadaky mekdepleriň birinde guralan hüjümiň terror bilen arabaglanşygy ýokdygy mälim boldy

Beýanat prokuror Fabienne Atzori tarapyndan berildi

693419
Fransiýadaky mekdepleriň birinde guralan hüjümiň terror bilen arabaglanşygy ýokdygy mälim boldy

Fransiýanyň Gras sebitinde düýn mekdepleriň birinde guralan we mekdebiň müdüri bilen birlikde 8 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümiň terror bilen arabaglanşygynyň ýokdygy habar berildi.

Beýanat prokuror Fabienne Atzori tarapyndan berildi.

Atzori 17 ýaşly mekdep okuwçysynyň bilim alýan mekdebine guran hüjüm bilen baglanşykly: “Hadysanyň terrorçylykly hüjümdigi barada hiç hili subutnama ýok” diýdi.

Hüjümi guran okuwçynyň öwrenişmek bilen baglanşykly meseleleri başyndan geçirendigini bellän prokuror hüjümiň sebäbiniň hüjümi guran okuwçynyň beýleki käbir okuwçylar bilen başyndan geçiren meselelerdigini çak edýändiklerini habar berdi.

Prokuror 17 ýaşly hüjümi guran okuwçynyň tussag edilendigini mälim etdi.

Hüjümçiniň ýanynda 1 sany tüpeň, birnäçe sapança we granat tapyldy.

Beýleki tarapdan bolsa BFM kanaly okuwçynyň maşgalasynyň soraga çekilendigini habar berdi.



Degişli Habarlar