Jarablusda 3 ýyl soň çagalara ysmaz kesele garşy sanjym kampaniýasy başlady

0-5 ýaş aralygyndaky 16 müň çaga sanjym edilmegi meýilleşdirilýär

690427
Jarablusda 3 ýyl soň çagalara ysmaz kesele garşy sanjym kampaniýasy başlady

Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy üçin 24-nji awgustda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde başladylan Ýefrat galkany operasiýasy netijesinde terrorçylardan saplanan Jarablusda 3 ýyl soň çagalara ysmaz kesele garşy sanjym kampaniýasy başlady.

Türkiýäniň we BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi UNICEF tarapyndan alnyp barylýan kampaniýanyň çäginde 0-5 ýaş aralygyndaky 16 müň çaga sanjym edilmegi meýilleşdirilýär

Her biri iki adamdan ybarat jemi 175 topar bellik astyna alynan çagalara ýeke-ýekeden sanjym edýär.

 

 


Etiketkalar: #sanjym , #BMG , #çagalar

Degişli Habarlar