“DAIŞ gabaw astyna alyndy we her pursatda ýeňilişe sezewar edilip bilner”

Mak Gurk “DAIŞ gabaw astyna alyndy we her pursatda ýeňilişe sezewar edilip bilner” diýdi

690135
“DAIŞ gabaw astyna alyndy we her pursatda ýeňilişe sezewar edilip bilner”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň DAIŞ-e garşy göreş boýunça ýörite wekili Brett Mak Gurk guramanyň Yrakda ele geçiren ýerleriniň 65 göteriminiň yzyna alynandygyny aýtdy.

Mak Gurk ABŞ-nyň Yrakdaky ilçihanasynda žurnalistlere beren beýanatynda Yragyň ýaragly güýçleriniň hyzmatdaş güýçleriniň goldaw bermeginde 50 müň inedördül kilometrlik meýdany DAIŞ-den yzyna alandygyny nygtady.

Hyzmatdaş güýçleriniň terrora garşy göreşiň çäginde Yragyň ýaragly güýçlerinden 90 müň adam harby tälim berendigini aýdan Mak Gurk, hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlar bilen guralan hüjümlerde DAIŞ-iň liderlerinden 180 adamyň öldürlendigini ýatlatdy.

Mak Gurk “DAIŞ gabaw astyna alyndy we her pursatda ýeňilişe sezewar edilip bilner” diýdi.


Etiketkalar: #DAIŞ , #gabaw , #ýeňliş , #Yrak

Degişli Habarlar