Russiýanyň uçarlary NATO degişli uçarlary binjalyk etdi

Russiýanyň harby uçarlary Gara deňizde NATO degişli uçarlary 4 gezek binjalyk etdi

683805
Russiýanyň uçarlary NATO degişli uçarlary binjalyk etdi

ABŞ-nyň Ýewropadaky Harby howa güýçleriniň serkerdesi general Tod Wolters Floridanyň Orlando şäherinde geçirilen Harby howa güýçleri jemgyýeti Howa söweşleri simpoziumynda eden çykyşynda hadysalaryň 10-njy fewralda bolandygyny habar berdi.

Wolters hadysalaryň 3-siniň SU-24 harby uçarlary bilen 4-nji hadysanyň bolsa Ilýuşin II-38 kysymly uçar bilen bolandygyny mälim etdi.

Rus uçarlarynyň ABŞ we hyzmatdaş güýçlerine bular ýaly derejede golaýlaşmagynyň heläkçilige ýa-da dartgynlyga sebäp bolup biljekdigini bellän general Wolters soňky 6 aýda bular ýaly wakalaryň azalandygyny belledi.

Dört  hadysanyň biri-birinden tapawutly bolup geçendigini aýdan amerikaly serkerde NATO-nyň bular ýaly hadysalara alada bildirýändigini mälim etdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #ABŞ , #uçar , #NATO , #binjalyk

Degişli Habarlar