DAIŞ-iň lideri Bagdadi Yrakda ýeňilendigini kabul etdi

Terror guramasy DAIŞ-iň lideri Ebu Bekir Al Bagdadiniň Yrakda ýeňilendigini kabul edendigi we gurama agza terrorçylara gaçmaklaryny we gizlenmeklerini aýdandygy öňe sürülýär

682423
DAIŞ-iň lideri Bagdadi Yrakda ýeňilendigini kabul etdi

Al Sumaria kanalynyň Ninowa welaýatyndaky çeşmelere salgylanyp beren habaryna görä Ebu Bekir Al Bagdadi “Hoşlaşyk çykyşy” atly wideo çap edip, ýeňilendigini kabul etdi.

Yrakdaky merkezlerini ýapmak barada buýruk beren Bagdadiniň arap terrorçylara “Gizleniň”, günbatarly terrorçylara bolsa “Ýa ýurtlaryňyza gaýdyp baryň ýa-da özüňizi ýaryň” diýip buýruk berendigi aýdylýar.

Beýleki tarapdan Yrakdaky terrorçylaryň aglabasynyň Siriýa gaçandygy barada habar berilýär.



Degişli Habarlar