Mistura Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Soýgu bilen duşuşdy

Mistura “Eger siz Türkiýe, Eýran we Siriýa bilen birlikde Siriýadaky ylalaşygy yzygiderli ýagdaýa getirip bilseňiz bu ýagdaý Siriýa krizisinde öwrülşik nokadynyň başlangyjy bolar” diýdi

673865
Mistura  Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Soýgu bilen duşuşdy

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Mistura Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň Siriýada hüjümleriň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygy yzygideri ýagdaýa getirmeginiň ady agzalýan krizisde öwrülşik nokadynyň başlangyjy boljakdygyny aýtdy.

 Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Soýgu bilen duşuşan Mistura ady agzalýan ýurtlara Siriýa krizisiniň çözülmegi maksady bilen Gazagystanyň paýtagty Astanada edýän tagallalary üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

Mistura “Eger siz Türkiýe, Eýran we Siriýa bilen birlikde Siriýadaky ylalaşygy yzygiderli ýagdaýa getirip bilseňiz bu ýagdaý Siriýa krizisinde öwrülşik nokadynyň başlangyjy bolar” diýdi.

Mistura “Astanada birnäçe mesele hakynda pikir alyşdyk, netijeli gepleşikler geçirdik. Türkiýe bilen hüjümleriň bes edilendigi hakynda şertnama baglaşan günümizden bäri Siriýadaky çaknyşyklar azaldy. Bu diýseň gowandyryjy habar” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar