Hytaýda magdan käninde partlama boldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 8 adam ýogaldy

672182
Hytaýda magdan käninde partlama boldy

Şinhua habarlar gullugy tarapyndan berilen maglumatda ýurduň merkezinde ýerleşýän Hunnan welaýatynyň Lienýün şäherindäki magdan käninde 29 adamyň işleýän wagtynda bolan partlamada 11 adamyň ýeriň aşagynda galandygy habar berilýär.

Partlamadan soň başladylan gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde 8 adamyň jesediniň tapylandygy, 3 adamyň bolsa gözleg işleriniň dowam edýändigi mälim edildi.

Partlamanyň näme sebäpli bolandygy entek anyklanmady.



Degişli Habarlar