Siriýanyň tussaghanalarynda 13 müň adam öldürildi

Halkara Günä geçişlik guramasy Siriýadaky tussaghanalarda oppozisionerlere goldaw beren 13 müň adamyň öldürilendigini mälim etdi

667099
Siriýanyň tussaghanalarynda 13 müň adam öldürildi

Guramanyň adam hukuklary ugrunda ylmy-derňewler geçirilip taýarlan hasabatynda 2011-nji ýylyň sentýabr aýy bilen 2015-nji ýylyň noýabr aýy aralygynda Saýdnaýa tussaghanasynda her hepde köpçülikleýin ölüm jezalarynyň berilendigi öňe sürülýär.

Halkara Günä geçişlik guramasy alynan maglumatlara görä ölüm jezalarynyň Siriýanyň hökümetiniň iň ýokary ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanandygyny habar berýär.

Siriýanyň hökümeti tussaglylara erbet garalýandygy baradaky maglumatlary boýun almaýar.

Halkara Günä geçişlik guramasy hasabaty taýarlamak üçin aralarynda tussaglylar we tussaghananyň goragçylary hem bolan 84 adam bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Şoňa görä her hepde ýa-da iki hepdede bir gezek 20 bilen 50 adamdan ybarat toparlar dolulygyna gizlinlik bilen paýtagt Damaskyň demirgazygynda ýerleşýän tussaghanada öldürilýärdi.

Hasabatda ölüm jezalaryndan ozal tussaglylaryň Kabun sebitinde 1 bilen 3 minut aralygynda dowam eden diňlenşikler üçin döredilen harby kazyýetiň öňüne çykýandyklary bellendi.

Halkara Günä geçişlik guramasyna beýanat beren ozalky harby kazyýet tussaglylara şol günäni edip-etmändikleri soralýandygyny we jogabyň hawada bolsa ýok hem bolsa tussaglynyň öldürilýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar