Netanýahu Donald Tramp bilen duşuşmak isleýär

2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda bolsa 14 ses bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Palestinada bikanun ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny gyssagly we dolulygyna saklamagyny öz içine alýan karar kabul edilipdi

665956
Netanýahu Donald Tramp bilen duşuşmak isleýär

Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu Gündogar Ierusalymyň başda durmagynda Palestinada gurulýan bikanun ýaşaýyş jaýlary meselesini ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ara alyp maslahatlaşmaga çalyşjakdygyny aýtdy.

Ysraýylyň döwlet radiosynyň habaryna görä, Ysraýylyň Parlamentindäki mejlis toparynda çykyş eden Premýer ministr Netanýahu bikanun ýaşaýyş jaýlary meselesinde amerikan hökümeti bilen utgaşykly hereket etmek üçin Tramp bilen duşuşmak üçin Ysraýylyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gepleşik geçirjekdigini nygtady.

Ysraýyl ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň 20-nji ýanwarda wezipesine başlamagyndan bäri Günbatar Şeriada we Gündogar İerusalymda 6 müňe golaý ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy hakynda karar kabup etdi.

2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda bolsa 14 ses bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Ysraýylyň basyp alyşlyk astyndaky Palestinada bikanun ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny gyssagly we dolulygyna saklamagyny öz içine alýan karar kabul edilipdi.

Gündogar Ierusalym we Günbatar Şeria 1967-nji ýylda Ysraýyl tarapyndan basylyp alyndy we şol günden bäri Ysraýylyň gözegçiligi astynda.

Gündogar Ierusalymda 200 müň, Günbatar Şeriýada hem 400 müňden gowrak ýehudi ýaşaýjylary bar.

Halkara hukugyna görä, şol ýerlerdäki ýehudi ýaşaýyş ýerler bikanun ýagdaýda guruldy.

 



Degişli Habarlar