Tramp käbir musulman ýurtlaryň raýatlarynyň ýurda girmegini gadagan edýän kararnamany aklaýar

Tramp geçen hepdäniň ýekşenbe güni beren beýanatynda kararyň din bilen dälde, adamlaryň ýurda girmeklerini togtatmak bilen we howpsyzlyk bilen arabaglanşyklydygyny habar berdi

662543
Tramp käbir musulman ýurtlaryň raýatlarynyň ýurda girmegini gadagan edýän kararnamany aklaýar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp düzgünsizlige, alada we ençeme şäherleriň howa menzillerinde dowam edýän protestlere garamazdan aglabasy musulman ýurtlar bolan 7 ýurduň raýatlarynyň ýurda girmeklerini gadagan edýän kararnamany aklamagyny dowam etdirýär.

Tramp geçen hepdäniň ýekşenbe güni beren beýanatynda kararyň din bilen dälde, adamlaryň ýurda girmeklerini togtatmak bilen we howpsyzlyk bilen arabaglanşyklydygyny habar berdi.

Emma Trampyň kararnamasy dünýäde we ABŞ-nyň howa menzillerinde demonsatrasiýalaryň geçirilmegine sebäp boldy.

Kazylaryň käbirleri käbir ýagdaýlarda wagtlaýyn yza süýşürmek barada karar kabul etdiler. ABŞ-nyň raýaty bolmaýan Ýaşyl kartyň eýeleri bolsa ABŞ-daky öýlerine we maşgalalaryna gowuşyp-gowuşmajakdygyna alada bildirýärler.

ABŞ-nyň Içeri howpsyzlyk ministrliginiň resmileri bolsa “Gadagançylyk ýola goýulan ýurtlardan Ýaşyl karty bar bolan adamlar ABŞ-na baran mahallarynda yzyna ugradylmajakdyklaryny, emma olaryň ýagdaýlaryna laýyklykda käbir gözegçilik işlerinden geçjekdiklerini” belleýärler.



Degişli Habarlar