Iordan Şasy Tramp bilen duşuşjak ilkinji arap lideri bolar

Iordan Şasy Abdullah Waşingtonda saparda bolýar

662104
Iordan Şasy Tramp bilen duşuşjak ilkinji arap lideri bolar

 

ABŞ-nyň 7 musulman ýurduň raýatlaryna goýan wiza gadagançylygy meselesiniň gün tertibinde esasy orun eýeleýän günlerinde Ak Tam ilkinji gezek arap liderini myhman alýar.

Iordan Şasy Abdullah Waşingtonda saparda bolýar.

Şa Abdullah saparynyň çäginde ilki Wise-prezident Maýk Pens bilen ertirlik naharynda duşuşdy.

Pens Iordan Şasy bilen terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşiň depdigininiň güýçlendirilmegi hakynda pikir alyşandygyny nygtady.

Ertirlik naharynda şeýle hem ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ieursalyma göçürmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şa Abdullah Pentagonda ABŞ-nyň Goranmak minisrti Jeýms Matis bilen hem duşuşdy.

ABŞ-nyň täze Prezidenti Donald Trampyň penşenbe güni Şa Abdullah bilen duşuşmagyna garaşylýar.

 

 

 


Etiketkalar: #Iordaniýa , #şa , #ABŞ , #Tramp , #penşenbe

Degişli Habarlar