“Türkiýe Misturanyň siriýaly oppozisionerler bilen geçirjek gepleşiklerine kömek berer”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkiýäniň Astanada BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Misturanyň siriýaly oppozisionerler bilen geçirjek gepleşiklerine kömek berjekdigini belledi

657492
“Türkiýe Misturanyň siriýaly oppozisionerler bilen geçirjek gepleşiklerine kömek berer”

Russiýanyň paýtagty Moskwada wengriýaly kärdeşi Peter Szijjarto bilen geçiren duşuşygyndan soň çykyş eden Lawrow: “BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan De Mistura Russiýanyň goldawy gepleşikleriň moderatorlygyny ýerine ýetirer. Türkiýe siriýaly oppozisionerler babatynda, Eýran bolsa Siriýanyň hökümeti bilen geçiriljek gepleşiklere goldaw berer” diýip belledi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän gepleşikleriň Siriýada takmynan 6 ýyl bäri dowam edýän krizisiň hötdesinden gelmek ugrunda wajyp bir ädimdigini nygtady.

Beýleki tarapdan Lawrow syýasy oppozisionerleriň Astana baran ýaragly oppozisiýanyň wekillerinde üýtgeşiklik girizilmegi üçin işe girişmäge synanyşandyklaryny aýdan Lawrow syýasy oppozisionerleri gepleşiklerden çykarmak islemeýändiklerini habar berdi.



Degişli Habarlar