Mosul operasiýasy giň-gerimli dowam edýär

Yragyň Mosul şäherini terror guramasy DAIŞ-den saplamak maksady bilen geçen ýylyň 17-nji oktýabrynda başladylan operasiýa giň-gerimli dowam etdirilýär

656895
Mosul operasiýasy giň-gerimli dowam edýär

Operasiýa Peşmerge güýçleri bilen birlikde aglabasy Başika bazasynda türk harbylar tarapyndan tälim berilen Ninowa goragçylary hem gatnaşýar.

Şäheriň Al Melaýýin etrapçasyny basyp alan yrakly esgerler şeýlelik bilen şäheriň 98 etrapçasynyň gözegçiligini ele geçirdi.

Bisan we Reşadiýe etrapçalarynda bolsa çaknyşyklar eýýäm 2 gün bäri dowam edýär.

ABŞ-nyň ýolbaşçylyfyndaky hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlar DAIŞ-iň etrapçadaky ýerlerini bombalaýar.

Terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylaryň Tigr derýasynyň günbataryna geçmek üçin ulanýan gaýyklary hem harby uçarlar tarapyndan nyşana alynýar.

17-nji oktýabrda başladylan Mosul operasiýasy sebäpli 160 müňden gowrak adam şäheri terk etdi.

Bosgun ýagdaýa düşen adamlaryň sany bolsa 140 müňden geçdi.



Degişli Habarlar