Putin Obamany Trampyň legallygyna zeper ýetirmek bilen günäkärledi

Putin Obamany tankyt etdi

653800
Putin Obamany Trampyň legallygyna zeper ýetirmek bilen günäkärledi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Prezidenti wezipesini anna güni Donald Trampa tabşyrjak barak Obamany Trampyň legallygyna zeper ýetirmek bilen günäkärledi.

Maldowanyň Prezidenti Igor Dodon bilen paýtagt Moskwada bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat beren Putin wezipesini Donald Trampa tabşyrmaga taýarlanýan Barak Obamany tankyt etdi.

Putin, “Käbir adamlar hoşlaşmadan gidýär, käbiri bolsa hoşlaşandygyna garamazdan gitmeýär. Obamanyň ýolbaşçylygyndaky häzirki hökümet ikinji topara degişli” diýdi.

“Saýlawlarda Trampyň üstünlik gazanandygyna garamazdan syýasy göreşiň dowam edýändigini görýäris” diýen Putin, şol göreşiň maksatlaryndan biriniň saýlanan prezidentiň legallygyna zeper ýetirmek, beýlekisiniň bolsa Trampyň içerki we daşarky wadalaryny ýerine ýetirmegine böwet bolmakdygyny aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar