Brennan: “Tramp Russiýanyň mümkinçiligine we dünýädäki aksiýalaryna doly düşünip bilenok”

ABŞ-nyň Merkezi razwedka gullugynyň müdiri Jon Brennan 20-nji ýanwarda prezidentiň wezipesini kabul edip aljak Donald Trampyň Russiýanyň mümkinçiligine we dünýädäki aksiýalaryna doly düşünip bilmändigini öňe sürdi

651948
Brennan: “Tramp Russiýanyň mümkinçiligine we dünýädäki aksiýalaryna doly düşünip bilenok”

Täze hökümetiň iş başyna gelmeginden soň wezipesinden aýryljak Brennan “Fox” habar teleýaýlymyna beren beýannamasynda Russiýanyň ABŞ-daky saýlawlaryň netijesine täsirini ýetirendigi baradaky habarlar we Trampyň şol mesele boýunça garaýyşlary baradaky pikirlerini aýtdy.

Trampyň Russiýanyň agressiw çemeleşmesine garşy ABŞ-nyň goýan çäklendirmelerinin gadyryny bilmändigini nygtan Brennan; “Tramp Russiýanyň mümkinçiligine we dünýädäki aksiýalaryna doly düşünendir öýdemok” diýdi.

Donald Trampyň Russiýany aklamak meselesinde ünsli çemeleşmelidigini öňe süren Brennan, sanksiýalaryň bes edilmeginiň netijeleriniň ýerlikli seljerilmelidigini aýtdy.

Brennan Trampyň howpsyzlyk gulluklaryny günäkärlemegini hem tankyt edip; “Saýlanan prezidente garşy göreşmek bize bähbit getirmez” diýdi.


Etiketkalar: #MRG , #ABŞ , #Donald Trump , #Russiýa

Degişli Habarlar