Germaniýa iki döwletli çözgüde goldaw berýär

Germaniýa Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin iki döwletli çözgüde goldaw berýändigini mälim etdi

650637
Germaniýa iki döwletli çözgüde goldaw berýär

Germaniýanyň Daşary işler ministri Frank Walter Şteinmeier Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şükrü bilen paýtagt Berlinde duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren nemes ministr Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy hakynda durup geçdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň 2 döwletli çözgüde laýyklykda çözülip bilinjekdigini aýtdy.

Şteinmeier parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin tagalla edilmelidigini nygtady.

Müsürli kärdeşi bilen Siriýa meselesi hakynda hem pikir alyşandygyny aýdan Şteinmeier çaknyşyklaryň biraz azalandygyny emma halkara guramalaryň halka ýeterlik ynsanperwer kömegini berip bilmeýändigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar