"Türkiýe bilen netijeli hyzmatdaşlygymyz ösýär"

Meşkow gatnaşyklaryň ozalkysy ýaly pugtalanmagyny umyt edýändiklerini aýtdy

650114
"Türkiýe bilen netijeli hyzmatdaşlygymyz ösýär"

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Alekseý Meşkow Türkiýe bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösýändigini nygtady we gatnaşyklaryň ozalkysy ýaly pugtalanmagyny umyt edýändiklerini aýtdy.

Moskwada žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Meşkow, “Türkiýe bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdürýäris. Siriýa meselesinde edilýän hyzmatdaşlyk munyň açyk-aýdyň mysalydyr. Ykdysady gatnaşyklaryň başda durmagynda iki taraply gatnaşyklarymyzy tapgyrlaýyn ýagdaýda ozalkysy ýaly pugtalandyrmak üçin tagalla edýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar