BMG halkara parahatçylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin tagalla etmeli

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres guramanyň wezipesiniň söweşleriň öňüni almakdygyny ýatlatdy

649154
BMG halkara parahatçylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin tagalla etmeli

Guterres BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde eden ilkinji çykyşynda BMG-nyň halkara parahatçylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin tagalla etmelidigini nygtady.

Dartgynlyklaryň başdan geçirilýän sebitlerinde millionlarça adamyň BMG uly ynam bildirýändigini emma krizisleriň öňüni almagyň ýerine has köp wagtyň we serişdäniň sarp edilendigine ünsi çeken Guterres, “Ynsanlar uly jerime töleýär” diýdi.

Guterres “BMG söweşleriň öňüni almak üçin guruldy. Parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin tutumymyzy gözden geçirmerli, strategiýamyzy we gurluşymyzy üýtgetmelidiris” diýdi.

Guterres agza ýurtlaryň biri-birine ynanmaýandyklary üçin krizisiň öňüni almak meselesinde pursatlardan ýerlikli peýdalanyp bilmeýändigini nygtady.

 



Degişli Habarlar