“Hyzmatdaş güýçler Injirlik bazasynyň ulanylmagyna berilen rugsadyň ähmiýedini bilýär”

Beýanat ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden (Pentagon) geldi

645479
“Hyzmatdaş güýçler Injirlik bazasynyň ulanylmagyna berilen rugsadyň ähmiýedini bilýär”

Pentagonyň metbugat geňeşçisi Piter Kuk ABŞ-nyň we onuň ýolbaşçylygyndaky DAIŞ-e garşy hyzmatdaş güýçleriň Adanadaky Injirlik bazasyny ulanmaga mümkinçilik berilendigi üçin minnetdardyklaryny we onuň dowam etmegini umyt edýändiklerini belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň we Milli Goranmak ministri Fikri Yşykyň: “Hyzmatdaş güýçleriň Al Bab operasiýasyna goldaw bermezligi bizi örän pikirlendirýär” diýen sözlerine jogap beren Kuk: “Injirlik bazasynyň biz üçin nähili derejede möhümdigini we hyzmatdaş güýçleriniň şol sebäpli minnetdardyklaryny düýn polkownik Dorriandan eşitdiňiz. Türkiýe bilen gepleşiklerimiz dowam edýär” diýdi.

Kuk türk resmileriniň Injirlik bilen bagly beýanatlary babatynda Goranmak ministri Eşton Karteriň kärdeşi bilen duşuşyp-duşuşmandygy barada berilen soraga bolsa: “Türkler bilen gepleşiklerimiz dowam edýär. Türkler bilen geçiren gepleşiklerimiziň jikme-jikligini aýdyp durmaryn, emma Injirlikden operasiýalar guraýarys we ony dowam etdirmegi isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar