"Eýran Siriýa gepleşiklerine goldaw berýär"

Boroužerdi Siriýa guran 2 günlük sapary hakynda paýtagt Damaskda metbugata beýanat berdi

645635
"Eýran Siriýa gepleşiklerine goldaw berýär"

Eýranyň Parlamentiniň Daşary işler we Milli howpsyzlyk komitetiniň başlygy Alaeddin Boroužerdi Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän Siriýa gepleşiklerine goldaw berýändiklerini aýtdy.

Boroužerdi Siriýa guran 2 günlük sapary hakynda paýtagt Damaskda metbugata beýanat berdi.

Boroužerdi Siriýanyň hökümetiniň Halaby yzyna almagydan hoşaldyklaryny we Siriýanyň hökümeti gutlaýandygyny nygtady.

Siriýa krizisiniň Gazagystanyň paýtagty Astanada ara alnyp maslahatlaşylmagyna oňyn garaýandyklaryny aýdan eýranly diplomat, emma ýagdaýyň heniz näbellidigini belledi.

Ozal hem birnäçe gezek gepleşik geçirlendigine ünsi çeken Boroužerdi 6 ýyllyk söweşiň ortadan aýrylmagy meselesinde ylalaşyk gazanmagyň beýle ýeňil bolmajakdygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar