Germaniýada terrorçylykly hüjüm guramak islän siriýaly 1 adam tussag edildi

Tussag edilen siriýalynyň hüjüm guramak maksady bilen terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşyga geçendigi öňe sürüldi

643025
Germaniýada terrorçylykly hüjüm guramak islän siriýaly 1 adam tussag edildi

Saarbrýukken Prokuraturasy tarapyndan berilen beýanatda siriýalynyň bir araçynyň üsti bilen terror guramasyndan 180 müň ýewro isländigni habar berildi.

Siriýalynyň şol pul bilen ulag satyn almagy we olary partlaýjy maddalar bilen dolduryp, adamlaryň üstüne sürmek isländigi aýdylýan beýanatda şol maglumatlaryň tussag edilen siriýalynyň ykjam telefonyndaky hatlardan anyklanandygy bellendi.

Germaniýa 2014-nji ýylyň dekabr aýynda gelen şübhe astyndaky siriýalynyň terror guramasy DAIŞ bilen aragatnaşyga geçendigini, emma terrorçylykly hüjümi guramak baradaky aýyplamalary ret edendigi mälim edildi.



Degişli Habarlar