Müsür Gaza serhedinde ýerleşýän 12 tuneli ýykdy

Müsür Gaza serhedinde ýerleşýän 12 tuneli ýykdy we bikanun ýollardan ýurda giren 100 adamy göz tussaglygyna aldy

642617
Müsür Gaza serhedinde ýerleşýän 12 tuneli ýykdy

Müsüriň ýaragly güýçleri ýurduň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Demirgazyk Sina welaýatynda 12 tuneliň ýykylandygyny habar berdi.

Dekabr aýynyň 18-28-i aralygynda Müsiriň Liwiýa serhedindäki As Sellum etrabynda daşary ýurtly 74 adamyň, ýurduň günorta gündogaryndaky Şelatin etrabynda hem 26 siriýalynyň göz tussaglygyna alynandygy ýatladyldy.

Müsürde 2013-nji ýylyň 3-nji iýulynda agdarlyşyk arkaly häkimiýetiň başyna gelen harby hökümet palestinalylaryň dünýä bilen  esasy arabaglanşygy hasap edilýän tunelleriň bir bölegini ýykypdy.

 


Etiketkalar: #Müsür , #Gaza , #Liwiýa , #serhet

Degişli Habarlar