Hyýanatçylykly hüyüme dünýä ýurtlary garşylyk görkezýär

Obama bigünä adamlaryň ýogalmagyna gynanç bildirdi we hüyümde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi

641683
Hyýanatçylykly hüyüme dünýä ýurtlary garşylyk görkezýär

 

Stambulyň Ortaköý etrabynda 39 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hyýanatçylykly hüyüme dünýä ýurtlary garşylyk görkezýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bigünä adamlaryň ýogalmagyna gynanç bildirdi we hüyümde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi.

Obama Türkiýä ähli taraplaýyn goldaw berilmegi üçin görkezme berdi.

Kanadanyň Daşary işler ministri Stephane Dion hem “Kanada Stambulda guralan hüyümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýär, ýaralananlara şypa dileýär” diýdi.

Amerikan-Yslam gatnaşyklary geňeşiniň başlygy Nihad Awad hem “Stambulda terrorçylar tarapyndan öldürlenleriň hossarlaryna gynanç bildirýärin” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg bolsa “2017-nyi ýyl Stambulda gamly başlady. Täze ýyly gutlaýan ynsanlara garşy guralan hüyüme gynanç bildirýärin” diýdi.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan yogapkär ýokary wekili Federika Mogherini 2017-nyi ýylyn Stambulda hüyüm bilen başlandygyny nygtap, “Hüyümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýärin. Şuňa meňzeş hüyümleriň öňüniň alynmagy üçin tagalla etmäge dowam ederis”diýdi.

Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Göç edilşikden yogapkär agzasy Dimitris Awramopulos hem Stambulda guralan hüyüme gynanç bildirdi.

Ýewropa Parlamentiniň başlygy Martin Şulz “Terrorçylar baýramçylyk giyesini ölüme we umytsyzlyk giyesine öwürdi. Türkiýä hüyüm sebäpli gynanç bildirýärin” diýdi.

Germaniýanyň, Awstraliýanyň we Belgiýanyň Daşary işler ministrleri hüyüme gynanç bildirdi.

Belgiýanyň Daşary işler ministri Reýnders “Täze ýyl Stambulda gorky bilen başlady. Türk halkyna hüyüm sebäpli gynanç bildirýärin” diýdi.

Fransiýanyň we Meksikanyň Daşary işler ministrleri hem hüyüme gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar