Pearl Harborda taryhy duşuşyk…

ABŞ-nyň Prezident Barak Obama bilen Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe 75 ýyl ozal Pearl Harbor hüjüminiň guralan ýeri bolan portda duşuşdy

639203
Pearl Harborda taryhy duşuşyk…
abe-obama pearl harbor.JPG

ABŞ-nyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer ministri 1941-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ýapon harby uçarlarynyň hüjüm guran Oahu adasyndaky Pearl Harbor portunda ilkinji gezek duşuşdy.

Taryhy dabarada liderler hüjümde ýogalanlaryň hormatyna gurlan Arizona ýadigärligine gül desselerini goýdy.

Iki lider soň bolsa metbugata beýanat berdi.

Obama beýanatynda iki ýurduň parahatçylygy saýlap alandygyny belledi.

Waşington-Tokýo hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çeken Obama “Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygymyz şeýle ýokary derejede bolmandy” diýdi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri hem Pearl Harboryň “ylalaşygyň simwoly” hökmünde hatyralanmagy çagyryşyny berdi.

Abi ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygyna ünsi çekdi.

Ýaponiýa 1941-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Peal Harbordaky Amerikan deňiz bazasyny bombalapdy. Bombaly hüjümde amerikaly 2400 esger ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar