Putin uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi

Uçar heläkçiliginde ýogalanlar hatyralanýar

637659
Putin uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýändigini aýtdy.

Kolektiw hyzmatdaşlyk şertnamasy guramasynyň şu gün geçirilmegine garaşylýan Döwlet baştutanlary maslahatynyň öňüsyrasynda Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazatbaýew bilen San Peterburgda duşuşan Wladimir Putin heläkçilik hakynda maglumat berdi.

Putin heläkçiligiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işiniň gozgaljakdygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan heläkçilikde ýogalanlar hatyralanýar.

Ostankino telewideniýetiniň öňünde jemlenşen moskwalylar heläkçilikde ýogalan 9 žurnalistiň hormatyna gül desselerini goýdy.

Dünýäde Gyzyl Goşun Hory hökmünde bilinýän Aleksandrow Ensemble karargähiniň öňünde hem hatyralama çäresi geçirildi.

 



Degişli Habarlar