Halapdan asuda ilatyň göçürliş etaby ýaňadandan başlady

Gündogar Halapdakylaryň ählisi Madaýa we Zebadani etraplaryndan bolsa 1500 adam göçürler

633109
Halapdan asuda ilatyň göçürliş etaby ýaňadandan başlady

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan gabaw astynda saklanýan gündogar Halapdan asuda ilatyň göçürliş etaby ýaňadandan başlady.

Türkiýe bilen Russiýanyň töwellaçylyk etmeginde gazanylan ylalaşyga laýyklykda asuda ilatyň göçürliş etabynyň ýaňadandan başlandygy habar berildi.

Ylalaşyga laýyklykda gabaw astyndaky gündogar Halapdakylaryň ählisi Madaýa we Zebadani etraplaryndan bolsa 1500 adam göçürler.

Oppozisioner tarapyndan gabaw astynda saklanýan Fua we Kefreýa etraplaryndan 4 müň adam hem Siriýanyň hökümetine tabynlykdaky etrapçalara ugradylar.

 



Degişli Habarlar