Abdullah Mursiniň kakasyny görmegine rugsat berilmedi

Müsürde harby agdarlyşyk bilen häkimiýet başyndan çetleşdirilen Muhammed Mursiniň ogly Abdullah bilen duşuşmagyna ýene rugsat berilmedi

613180
Abdullah Mursiniň kakasyny görmegine rugsat berilmedi

Abdullah Mursi facebook hasabyndan beren beýanatynda: “3 ýyldan bäri kakamy görmäge barýaryn we her gezeginde görüp bilmän yzyma dolanýaryn. Ol şu günem şeýle boldy” diýip ýazdy.

Abdullah Mursi fajebook hasabyndan beren ozalky beýanatynda tussaghana gitjekdigini habar beripdi.

Muhammed Mursi, “Tussaghana hüjümi” atlandyrylýan kazyýet işinde ölüm jezasyna höküm edilipdi, emma Müsüriň Arbitraž kazyýeti hepdäniň başynda şol karary bes edipdi.

Mursi Arbitraž kazyýetiniň kararyndan soň ýaňadandan sud ediler.

Musulman doganlaryň lideri Mursi üçin 2011-nji ýylda Hüsni Mübärege garşy demonstrasiýalarda tussaghanadan köpçülikleýin gaçyşlar bilen bagly bolandygy sebäpli 2015-nji ýylyň iýun aýynda ölüm jezasy berilipdi.

2011-nji ýylda Mübäregiň häkimiýet başyndan agdarylmagyndan son Müsürüň demokratik taýdan saýlanan ilkinji prezidenti bolan Mursi 2013-nji ýylda guralan agdarlyşyk bilen häkimiýetden çetleşdirilip, tussag edilipdi.



Degişli Habarlar