Obama hoşlaşyk saparlaryny dowam etdirýär

Obama Berlinde Ýewropaly 4 ýurduň lideri bilen duşuşdy

613579
Obama hoşlaşyk saparlaryny dowam etdirýär

Ýanwar aýynda ABŞ-nyň Prezidenti wezipesini Donald Trampa tabşyrjak Barak Obama Gresiýadan soň Germaniýanyň paýtagty Berlinde saparda bolýar.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Berlinde Ýewropaly 4 ýurduň lideri bilen duşuşdy.

Duşuşyga Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland, Italiýanyň Premýer ministri Metteo Renzi, Ispaniýanyň Premýer ministri Mariany Ražoý we Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Maý gatnaşdy.

Duşuşykda Ýewropanyň howpsyzlygy, NATO-nyň Ýewropadaky roly, Ukraina krizisi, Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar, terrora garşy göreş, bosgun meselesi we ABŞ-da geçirlen saýlawyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 



Degişli Habarlar