ÝB Komissiýasy ilkinji gezek FETÖ/PDÝ-niň agdarlyşyk synanşygy hakyndaky rolyny kabul etdi

Frans Timmermans; “Türkler bu meselede mamla bolup biler. Bu meselede Türkiýä ýakyndan goldaw bermelidik”diýip belledi

611866
ÝB Komissiýasy ilkinji gezek FETÖ/PDÝ-niň agdarlyşyk synanşygy hakyndaky rolyny kabul etdi

ÝB Komissiýasynyň birinji orunbasary Frans Timmermans Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň agdarlyşyk synanşygynda esasy rol oýnaýandygy hakynda görkezijileriň bardygyny aýtdy.

Timmermans “ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda ýaşaýan Fetullah Güleniň Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygyny gönükdiren adamdygy hakynda görkezijiler bar” diýdi.

Frans Timmermans; “Türkler bu meselede mamla bolup biler. Bu meselede Türkiýä ýakyndan goldaw bermelidik”diýip belledi.

Timmermansyň beýanaty ÝB Komissiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň ilkinji gezek FETÖ/PDÝ-niň agdarlyşyk synanşygy hakyndaky rolyny kabul edendigini görkezýär.

 



Degişli Habarlar