Russiýanyň Ykdysady galkynma ministri wezipesinden boşadyldy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin para alandygy sebäpli saklanan Ykdysady galkynma ministri Alekseý Ulýukaýewi wezipesinden boşatdy

611517
Russiýanyň Ykdysady galkynma ministri wezipesinden boşadyldy

Kremliň Metbugat sekretary Dmitri Peskow žurnalistlere beren beýanatynda Ulýukaýewiň “ynamdan düşendigi” sebäpli Putin tarapyndan wezipesinden boşadylandygyny aýtdy.

Ulýukaýew rus nebit kompaniýasy Başneftiň Rosnefte satylmagy boýunça hökümetiň adyndan oňyn garaýyş beýan etmek üçin Rosneftden 2 million dollar alandygy sebäpli öňki gije tussag edilipdi.

Rus ministriň 15 ýyla çenli azatlyk mahrum edilmegine garaýyşýarka paýtagt Moskwada ýerleşýän Basmanniý kazyýeti, Ulýukaýewiň daşary ýurda gaçma ähtimallygynyň bardygy sebäpli öý tussaglygynda saklanmagy barada karar çykardy.

Russiýanyň Premýer ministr Dmitri Medwedew hem Ulýukaýewiň ýerine Ykdysady galkynma ministriniň orunbasary Ýewgeni Ýeliniň wagtlaýynça bellenmegi baradaky karara düýn gol çekipdi.



Degişli Habarlar