ÝB Halaba ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini isleýär

ÝB Siriýanyň Halap şäherine ynsanperwer kömekleriniň ýetirilmegi üçin hüjümleriň bes edilmegini isläp, asuda ilata bilkastlaýyn guralan hüjümleriň harby jenaýatlary ýüze çykaryp biljekdigini beýan etdi

597120
ÝB Halaba ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini isleýär

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we Howpsyzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Federika Mogerini we ÝB Komissiýasynyň Ynsanperwer kömeklerinden hem-de Adatdan daşary şertleriň dolanşygyndan jogapkär agzasy Kristos Stilianides “Halaba ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginiň gyssagly we iňňän möhümdigi” baradaky bilelikde beýannama çap etdi.

Beýannamada Russiýa tarapyndan Halapda yglan edilen ylalaşygyň bes edilmeginden soň ÝB, BMG we ynsanperwer kömek guramalarynyň tagallalaryna garamazdan ýaraly raýatlaryň çykarylmagy we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi barada täze ylalaşyk gazanylyp bilinmändigi nygtalýar.

Gyssagly ynsanperwer kömegine mätäçlik duýýan müňlerçe adamyň bardygy hakynda nygtalýan beýannamada, ýaraly adamlaryň çykarylmagy bilen birlikde ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginiň hem gyssaglydygyna üns çekilýär.

Onuň diňe ynsanperwer kömek we saglygy saklaýyş işgärleriniň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi bilen mümkin bolup biljekdigi barada nygtalýan beýannamada: “Siriýaly ýolbaşçylara we hyzmatdaşlaryna Halapda hüjümleriň bes edilmegi we BMG-niň oktýabr aýyndaky meýilnamasynda bolşy ýaly ynsanperwer kömek alyp baran ulaglaryň geçmegine rugsat bermekleri üçin çagyryş edýäris. Ähli taraplar siriýaly asuda ilatyň gyssaglary islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin ynsanperwer kömek operasiýalaryna rugsat berilmegine gyşarnyksyz tabynlyk görkezmeli. Ähli siriýalylar gyssagly kömege mätäç, kim bolsa bolsun, halas ediji kömek almaga haklary bar” diýilýär.



Degişli Habarlar