NATO DAIŞ-e garşy göreşde gözegçilik uçuşlary bilen goldaw bermäge başlady

AWACS 16 uçardan ybarat

596971
NATO DAIŞ-e garşy göreşde gözegçilik uçuşlary bilen goldaw bermäge başlady

NATO terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş üçin döredilen hyzmatdaş güýçlere gözegçilik uçuşlary bilen goldaw bermäge başlady.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg düýn beýanat berip, ençeme wagt bäri meýilleşdirilýän wezipäniň başlandygyny mälim etdi.

Döwrebap radar we aragatnaşyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan AWACS uçarlary halkara howa giňişliginden Siriýanyň we Yragyň howa giňişliklerine gözegçilik eder.

AWACS 16 uçardan ybarat.


Etiketkalar: #AWACS , #NATO , #Stoltenberg

Degişli Habarlar