Kosta-Rikada 3 günlük ýas yglan edildi

Milli uniwersitedinden pensiýa çykanlary Kosta-Rikada indeýesleriň ýaşaýan ýeri bolan Guatuso alyp barýan awtobusyň 15 metr beýiklikdäki gaýalykdan aşak gaçmagy netijesinde 4 adamyň ýogalandygy, 6 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edilipdi

594305
Kosta-Rikada 3 günlük ýas yglan edildi

Kosta-Rikada düýn kert gaýadan aşak gaçan awtobusdaky 31 ýolagçynyň 12-siniň ýogalmagy sebäpli 3 günlük ýas yglan edildi.

Ýangyn söndüriji gullugynyň ýolbaşçylary paýtagt San-Hoseniň demirgazygyndaky Kinçona obasynyň golaýynda bolan wakada ýogalan adamlaryň sanynyň 12-ä ýetendigini habar beridiler.

Resmiler heläkçilikde 12-siniň ýagdaýy agyr bolan 15 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

Kosta-Rikanyň Prezidenti Luis Guillermo Solis ýurtda 3 günlük ýas yglan etdi.

Milli uniwersitedinden pensiýa çykanlary Kosta-Rikada indeýesleriň ýaşaýan ýeri bolan Guatuso alyp barýan awtobusyň 15 metr beýiklikdäki gaýalykdan aşak gaçmagy netijesinde 4 adamyň ýogalandygy, 6 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edilipdi.



Degişli Habarlar