Mosul operasiýasy 4-nji gününde

Yragyň Mosul şäherini terror guramasy DAIŞ-den basyp almak üçin 17-nji oktýabrda başladylan operasiýa 4 gün boldy

593419
Mosul operasiýasy 4-nji gününde

Günortadan Yragyň Ýaragly güýçleri, gündogardan bolsa Peşmerge güýçleri şäheriň töweregindäki obalary ýeke-ýeke basyp alýar.

Halkara hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlar Başika şäherçesindäki terror guramasy DAIŞ-iň gözegçiligi astyndaky ýerlere howa hüjümi gurady.

Başika dagynda ýerleşdirilen ABŞ-na degişli toplar hem operasiýa goldaw berýär.

Russiýa tarapyndan berilen baýanatda bolsa operasiýa gözegçilik etmek üçin emeli hemranyň we uçarmansyz howa ulaglarynyň sebite ugradylandygy habar berilýär.

Beýleki tarapdan amerikaly resmiler operasiýa sebäpli terror guramasy DAIŞ-iň liderleriniň şäherden çykandyklary barada maglumat alynandygyny öňe sürdiler.

Şäherde DAIŞ-e agza takmynan 5 müň terrorçynyň bardygy çak edilýär.

Terrorçylar bolsa şäheriň ýaşaýjylaryny janly galkan hökmünde ulanýar.

BMG operasiýanyň ilkinji hepdesinde 200 müň, iň köp bolsa 1 million adamyň ýaşaýan ýerlerini terk edip biljekdiklerini belledi.

Mosulyň terror guramasy DAIŞ-den saplanmagy üçin Yragyň Ýaragly güýçleri, Peşmerge güýçleri we aglabasy Başika bazasynda türk harbylar tarapyndan tälim berilen Ninowa goragçylary atly harby topar 17-nji oktýabrda operasiýa başladypdy.



Degişli Habarlar